Zarif ABŞ-nyň Eýran banklaryna garşy girizen täze sanksiýalaryny ýazgardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8967-zarif_abŞ_nyň_eýran_banklaryna_garşy_girizen_täze_sanksiýalaryny_ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ABŞ-nyň Eýranyň birnäçe bankyna garşy girizen täze sanksiýalaryny ýazgardy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 09, 2020 12:15 Asia/Ashgabat
  • Zarif ABŞ-nyň Eýran banklaryna garşy girizen täze sanksiýalaryny ýazgardy

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ABŞ-nyň Eýranyň birnäçe bankyna garşy girizen täze sanksiýalaryny ýazgardy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä;Muhammet Jawad Zarif penşenbe güni öz twitter hasabynda ABŞ-nyň Eýran banklaryna garşy girizen täze sanksiýalaryny ýazgardy we olary korona epidemiýasy wagtynda galan azyk we derman töleg kanallaryny ýok etmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Zarif  ABŞ režimi global koronawirus epidemiýasynyň eýýamynda azyk we derman üçin töleglerimizi galan [maliýe] kanallarymyzy ýok etmek isleýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-da  Eýranlylar Amerikanyň bu täze zulumlaryna garşy berk durarlar Emma jemgyýeti açlykda goýmak adamzada garşy jenaýatdyr diýip beýan etdi.

Zarif bu eziji hereketi edenler jogapkärçilige çekilerler diýip duýduryş berdi.

Eýranyň Londondaky ilçisi Hamid Baidi Nežad hem düýn ABŞ-nyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy girizen täze sanksiýalaryndan soň twit ýazyp Eýranyň bank we maliýe guramalarynyň hemmesine diýen ýaly girizilen täze sanksiýalaryň maksady, Eýranyň Covid-19-a garşy möhüm zatlary import etmek mümkinçiligini çäklendirmekdir we bu bolsa adamzada garşy jenaýatdyr diýip beýan etdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi penşenbe güni agşam (Tähran wagty) 18 sany Eýran bankyna sanksiýa girizdi.