Eýranda 406 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8978-eýranda_406_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 251 adamyň ölendigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 11, 2020 12:53 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 406 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 251 adamyň ölendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawy barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 keseli 3 müň 822 täze hassa Eýranda anyklandy, şolardan bir müň 724 adam keselhana ýerleşdirildi we galan hassahanalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi diýdi.

Lari, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň jemi sanynyň 500,75-e ýetendigini mälim etdi we şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 251 sany Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 28 müň 544 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 406,389 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany hem 37 milliondan geçdi.