Hatibzadeh: ABŞ hökümdarlary Eýrana garşy taryhy ýeňlişe sezewar boldular
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8980-hatibzadeh_abŞ_hökümdarlary_eýrana_garşy_taryhy_ýeňlişe_sezewar_boldular
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň hökümdarlarynyň Eýrana garşy taryhy ýeňlişe sezewar bolandygyny aýtdy we Amerikalylaryň ýeňilendigini resmi taýdan boýun almagynyň kän wagt geçmändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 11, 2020 15:00 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: ABŞ hökümdarlary Eýrana garşy taryhy ýeňlişe sezewar boldular

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň hökümdarlarynyň Eýrana garşy taryhy ýeňlişe sezewar bolandygyny aýtdy we Amerikalylaryň ýeňilendigini resmi taýdan boýun almagynyň kän wagt geçmändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh ýekşenbe güni radio ýaýlymynda çykyş edende ABŞ-nyň özüni alyp barşynyň şowsuzlygynyň aç-açan bolandygyny aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrany ýeňmek üçin elinden gelenini etdi, ýöne Tähran olara azajyk ýeňiş duýmagyna hem ýol bermedi diýdi.

Hatibzadeh, şeýle hem ABŞ-nyň lukmançylyk pudagynda Eýrana garşy girizen sanksiýalaryna yşarat edip Eýranyň lukmançylyk gadaganlygynyň adamzada garşy jenaýatdygyny we Eýrandaky ähli kompaniýalaryň we jogapkär guramalaryň derman öndürmek arkaly içerki islegi kanagatlandyrmak üçin köp işleýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ-nyň 18 Eýran bankyna garşy girizen sanksiýalarynyň has psihologiki bolandygyny we hiç kimiň ynanmajakdygyny özleri bilýändigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de, Trumpyň Eýran halkyna eden bihormatçylygyny gorkudan gözbaş alýandygyny aýtdy.