Namaki: keseliň Epidemiýa şertlerinde bikanun sanksiýalar nesli gyrana bermegiň alamatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8999-namaki_keseliň_epidemiýa_şertlerinde_bikanun_sanksiýalar_nesli_gyrana_bermegiň_alamatydyr
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri bikanun sanksiýalary we gahar-gazaply çäreleri esasanam epidemiýa döwründe rehimsizligiň we bir nesli gyrana bermegiň alamaty hökmünde häsiýetlendirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 12, 2020 19:00 Asia/Ashgabat
  • Namaki: keseliň Epidemiýa şertlerinde bikanun sanksiýalar nesli gyrana bermegiň alamatydyr

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri bikanun sanksiýalary we gahar-gazaply çäreleri esasanam epidemiýa döwründe rehimsizligiň we bir nesli gyrana bermegiň alamaty hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Said Namaki" Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Gündogar Ortaýer deňziniň saglygy goraýyş ministriniň wideo konferensiýasy bilen geçirilen 67-nji ýygnagynda beren gürrüňlerinde käbir ýurtlar Eýrana dümew sanjymyny getirmek üçin köp kynçylyk döretdiler we bahalaryny ýokarlanmagyndan başga-da bu sanjymyň import edilmegine päsgelçilikler döretýärler diýdi.

Namaki, ABŞ-nyň berk sanksiýalarynyň RamedSiwir we Fawipirawir ýaly derman serişdeleriň üpjün edilmeginde köp kynçylyk döredendigini aýtmak bilen bu dermanlar häzirki wagtda Eýranda öndürilýär we ýurtdaky ýedi gözleg topary korona sanjymynyň üstünde işleýär diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministri içeride öndürilen korona sanjymynyň haýwan synagynyň oňyn netijelerine salgylanyp bu sanjymyň adam nusgalary baradaky synag hem ýakyn wagtda başlar diýdi.

Dünýäde korona wirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 38 milliona ýetdi, şolardan azyndan bir million adam öldi we 28 milliondan gowrak adam sagaldy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 8 million töweregi adama korona wirusy ýokaşdy we 219,000-den gowrak adam öldi.şeýlelik bilen Amerika bu kesele duçar bolanlar we ölenler taýdan dünýäde birinji ýerde ýerleşýändir.