Eýranda korona keseli bolan dört müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, korona keseli bolan 4000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 254 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglere görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen 4108 täze näsag tanalyp bu sandan 1949 adam keselhana ýerleşdirildi we galan hassalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 508,389-a ýetendigini mälim etmek bilen Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 254 sany Covid-19 hassasy öldi we we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 29,070-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 411,840 näsag sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.
Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 38 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan bir million adam öldi we takmynan 29 million adam sagaldy.