Ruhani, Eýranyň petiklenen walýuta çeşmelerini yzarlamagyň zerurdygyny aýtdy
(last modified Tue, 13 Oct 2020 13:30:36 GMT )
Oct 13, 2020 18:30 Asia/Ashgabat
  • Ruhani, Eýranyň petiklenen walýuta çeşmelerini yzarlamagyň zerurdygyny aýtdy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ýurduň petiklenen walýuta çeşmelerine girmek üçin Çynlakaý yzarlamagyň zerurlygy aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň mejlisinde beren gürrüňlerinde ABŞ-nyň sanksiýalary Eýranyň ykdysady gatnaşyklary üçin kyn şertleri döreden hem bolsa, edilen tagallalar bilen bu çeşmelerden peýdalanmak artýar diýmek bilen esasy harytlary sarp etmek we ýurduň önümçilik zerurlyklary üçin serişdeleri paýlamak dowam eder diýdi.

Ruhani, şeýle hem, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifiň Hytaýa eden sapary baradaky hasabatyndan soň geçirilen maslahatda, ähli ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň ykdysady diplomatiýa bilen baglanyşyklydygyny mälim etmek bilen bu etapda, Hytaýdan, Ýewraziýa ýurtlary we goňşulary bilen energiýadan tehnologiýa çenli dürli ugurlarda aragatnaşyk ileri tutulýan ugurlaryny güýçlendirmek arkaly ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ýörite meýilnamalaryň düzülmelidigini nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, döwletiň sebitdäki ýurtlar bilen şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini çaltlaşdyrmaga synanyşýandygyny belläp: bu meselede maksatly ýurtlar bilen bilelikdäki ykdysady komissiýalaryň işjeňleşdirilmegi zerurdyr diýmek bilen Gündogar we goňşular bilen söwdanyň ykdysady maksatlarynda "eksporta gönükdirilen" syýasata üns berilmelidir diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, şeýle hem, Eýranyň Ýewraziýa bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň giňelmegini ykdysady taýdan möhüm ädimdigini aýtdy.

Tags