Eýran: Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-nyň birtaraplaýyn howpuna garşy birleşmeli
BMG Baş Assambleýasynyň Üçünji komitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň wekili, korona wirusynyň ýaýramagy wagtynda ABŞ-nyň BMG-nyň pozisiýasyna äsgermezçilik edenine gynanç bildirip, halkara jemgyýetçiligini Waşingtonyň birtaraplaýyn howpuna garşy birleşmäge çagyrdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Muhammet Zareian" BMG Baş Assambleýasynyň Üçünji komitetiniň mejlisinde BMG-nyň korona keseliniň başyndan bäri birtaraplaýyn sanksiýalaryň zyýanly täsirlerini we ähli raýdaşlygyň we ähli adam hukuklaryna hormat goýmagyň zerurdygyny ykrar edip gelen bolsada Amerika korona wirusynyň iň köp täsir eden ýurtlaryna birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalar girizmek bilen bu äsgermezligi güýçlendirýär diýip yglan etdi.
Zareian, korona wirusynyň ýaýramagynda Eýran halkyna edilýän iň ýokary basyşyň, esasanam aýal-gyzlar, çagalar, garrylar we syrkawlar ýaly ilatyň iň ejiz gatlaklary üçin ýaşamak we saglyk hukugyny aç-açan bozýandygyny aýtdy.
Waşingtonyň esasy zatlary, hatda lukmançylyk we dermany öz içine alýan birtaraplaýyn we eziji sanksiýalary ABŞ tarapyndan sanksiýa alynan ýurtlaryň halky üçin, esasanam Korona hassalary üçin köp kynçylyk döretdi.