Eýranyň Bakuwdaky ilçihanasy Ganja şäherine bolan raketa hüjümini ýazgardy
Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Ganja şäherine raketa hüjümini we birnäçe parahat ilatyň öldürilmegini we ýaralanmagyny ýazgardy.
Şu gün irden (şenbe) ermeni güýçleriniň Azerbaýjan respublikasynyň ikinji uly şäheri bolan Ganja garşy raketa hüjüminde 12 adam ölüp, 40 adam ýaralandy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy öz beýanatynda ýogalan maşgalalara gynanç bildirdi we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny arzuw etmek bilen Bigünä adamlara we şäherlere edilýän hüjümler halkara derejesinde ykrar edilen hukuk kadalaryna we usullara garşy gelýär we mümkin boldugyça gysga wagtda bes edilmeli söweş jenaýatlarynyň biridir.
Birnäçe gije mundan ozal hem Ganja şäherine garşy raketa hüjüminde 10 parahat ilaty öldürdi we 35 adam hem ýaralandy.