Zarif: Eýran owganlaryň ýolbaşçylygyndaky we dolandyrymagyndaky parahatçylyk gidişini goldaýar
Eýranyň Daşary işler ministri Tähranyň owganlaryň ýolbaşçylygyndaky we dolandyrymagyndaky parahatçylyk etabyny we iki owgan toparynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary goldaýandygyny aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Owganystanyň Milli barlyşyk Geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen bolan duşuşygynda Tähranyň Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetini we owganlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän we dolandyrylýan parahatçylyk etabyny goldaýandygyny tassyklady.
Şeýle hem Zarif, Abdullanyň syýasy işe gatnaşmagyna we Owganystanyň Milli barlyşyk geňeşiniň jogapkärçiligini kabul edendigine ýokary baha berdi we Talybanyň owganystanyň syýasy gurluşyna gatnaşmagynyň Eýran tarapyndan goldanýandygyny aýtdy.
Owganystanyň Milli barlyşyk Geňeşiniň başlygy, ýurduň içerki sahnasyndaky soňky wakalary we dürli owgan toparlarynyň arasyndaky gepleşik bilen baglanyşykly ýagdaýy düşündirdi.
"Abdullah Abdullah" Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli adamlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary we Owganystandaky parahatçylygy we durnuklylygy giňeltmegiň ýollary barada gürrüň etmek üçin üç günlük sapar bilen şu gün ýekşenbe Tährana geldi.