Kamalwandi: Eýran hiç haçan ýadro energiýasyny parahatçylykly däl ugurda ulanmak islemedi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9061-kamalwandi_eýran_hiç_haçan_ýadro_energiýasyny_parahatçylykly_däl_ugurda_ulanmak_islemedi
Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary, soňky 20 ýylda Tährana garşy ýalan ýadro aýyplamalarynyň hiç birini subut edip bolmadygyna salgylanyp Dünýä Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly däl ugurda ulanmagy gözlemändigini bilýär diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 18, 2020 18:15 Asia/Ashgabat
  • Kamalwandi: Eýran hiç haçan ýadro energiýasyny parahatçylykly däl ugurda ulanmak islemedi

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary, soňky 20 ýylda Tährana garşy ýalan ýadro aýyplamalarynyň hiç birini subut edip bolmadygyna salgylanyp Dünýä Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly däl ugurda ulanmagy gözlemändigini bilýär diýdi.

IRNA habarlar gullugynyň şu güni beren hasabatyna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary Behrouz Kamalwandi ýarag sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň Yslam Respublikasynyň diplomatiýasy üçin şöhle saçýandygyny aýtmak bilen ýadro ylalaşygyndan 5 ýyl soň Eýran halkynyň çydamy netije berdi we Trumpyň ýolbaşçylygyndaky Amerikanyň birtaraplaýynlygyna we zor aýtmalaryna dünýäniň ýok diýen sesi bermegi, Eýran Yslam Respublikasynyň kanunylygy we diplomatiýasynyň üstünligini görkezýändir diýip beýan etdi.

Kamalwandi sözüniň dowamynda Adamzat we wagşyçylykly hereketler, esasanam çagalara, aýallara we syrkawlara garşy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň ýokary basyşy diýilýän zat, Amerikanyň çetleşmeginden we şeýtanlyk beýikliginiň  synmagyndan başga netijesi bolmaz diýdi.

Eýranyň ýarag gadaganlygy şu gün (18-nji Oktýabr) tamamlandy we mundan beýläk Eýrandan ýarag önümlerini eksport etmek ýa-da bu ýurda ýarag import edilmegi baradaky çäklendirme ýatyryldy.