Galibaf: Amerika Yslam ýurtlarynyň ösüşi we howpsuzlygy barada alada etmeýär
Eýranyň mejlis başlygy Amerikalylar öz maksatlarynyň yzyndadyrlar we Yslam ýurtlarynyň ösüşi we howpsuzlygy barada alada etmeýärler diýdi.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Baker Galibaf ýekşenbe güni Tähranda Owganystanyň Milli barylşyk Geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen bolan duşuşygynda daşary ýurt gatyşmalarynyň sebitiň yslam ýurtlarynda hemişe durnuksyzlyga sebäp bolýandygyny aýtmak bilen sebitiň ýurtlary we bu ýurtlaryň halky we olaryň dürli etnik toparlary agzybirlige, ylalaşyga we duýgudaşlyga ýetmeseler, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygyndaky daşary ýurt güýçleri diňe erbet maksatlarynyň yzynda bolarlar diýdi.
Galibaf, Eýranyň başga ýurtlaryň işlerine goşulmazdan Yslam ýurtlarynyň arasynda jebislik döretmek ugrundaky tagallalaryna yşarat edip Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky köp meseleler biri-biri bilen baglanyşyklydyr we iki ýurduň arasynda çuňňur taryhy we medeni baglanyşyk bardyr diýip beýan etdi.
Eýran mejlisiniň başlygy Owganystanyň esasy kanunynyň bu ýurduň halkynyň onlarça ýyllap dowam eden göreşiniň netijesidigini belläp: “Owganystan hökümetini we Loýa Jirgany we esasy kanuny goramak gaty möhümdir we Eýranyň bu meseläni goldaýandygyny aýtdy.
Owganystanyň Milli barylşyk Geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah hem, Eýranyň bu ýurda berýän goldawyna minnetdarlyk bildirip: "Tähranyň maksady Owganystan Yslam Respublikasynyň we konstitusiýasynyň kölegesinde parahatçylygy goldamakdyr diýmek bilen Eýran soňky dört onýyllykda hemişe owgan halkynyň ýanynda bolandyr diýdi.