Eýranda korona keseli bolan dört müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9065-eýranda_korona_keseli_bolan_dört_müňden_gowrak_hassanyň_kesgitlenmegi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, ýurtda korona keseli bolan 4000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we soňky 24 sagadyň dowamynda 300-den gowrak adamyň ölendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 19, 2020 13:32 Asia/Ashgabat
  • Eýranda korona keseli bolan dört müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, ýurtda korona keseli bolan 4000-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we soňky 24 sagadyň dowamynda 300-den gowrak adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglere görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen 4251 täze näsag tanalyp bu sandan 1948 adam keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.

Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 534,631-e ýetendigini mälim etmek bilen Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 337 sany Covid-19 hassasy öldi we we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 30,712-e ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 431,360 näsag sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.

Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany hem 40 milliondan gowrak boldy.