Hatibzadeh: Eýran Garabag dawasynda Takfiri görnüşindä kelle kesilmegi kabul etmeýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nagorno-Garabagdaky çaknyşyklara yşarat edip: Eýran Yslam Respublikasy Takfiri görnüşindä kelle kesilmegini kabul etmeýär diýdi.
27-nji sentýabrda Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň arasynda Nagorno-Garabag sebiti boýunça çaknyşyklaryň täze tapgyry başlandy we iki tarapdan bir topar güýç öldürildi ýa-da ýaralandy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh duşenbe güni twitter hasabynda şeýle ýazdy: "Nagorno-Garabagdaky çaknyşyklaryň Aladalandyryjy suratlary çap edilýär şoňa görä çaknyşygyň iki tarapyna (Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistan) halkara hukuklaryna hormat goýmagy maslahat berilýär.
Hatibzadeh, iki tarapyň hem halkara hukugyna we kanunlaryna boýun bolmagyň zerurdygyny belläp, şeýle diýdi: "Eýran Yslam Respublikasy Takfirisiň görnüşindä kelleleriň kesilmegini ýa-da bigünä adamlaryň we şäherleriň nyşana alynmagyny kabul etmeýär.