Rabiei: Eýranlylar sebitdäki parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy gowy görýärler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9082-rabiei_eýranlylar_sebitdäki_parahatçylygy_durnuklylygy_we_hyzmatdaşlygy_gowy_görýärler
Eýranyň döwletiniň metbugat sekretary Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagyna yşarat edip Eýranlylaryň ýaraglary däl-de, eýsem durnukly ösüş üçin sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, bilelikde ýaşaşmagy we hyzmatdaşlygy söýýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 20, 2020 18:30 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: Eýranlylar sebitdäki parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy gowy görýärler

Eýranyň döwletiniň metbugat sekretary Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagyna yşarat edip Eýranlylaryň ýaraglary däl-de, eýsem durnukly ösüş üçin sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, bilelikde ýaşaşmagy we hyzmatdaşlygy söýýändigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň metbugat sekretary Ali Rabiei sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranlylaryň soňky asyrlarda hiç bir ýurda garşy harby hüjüm guramandygyny aýtmak bilen Dünýä Eýranyň Kawkaz sebitindäki dawada döredijilikli we parahatçylykly hereketlerine şaýatlyk edýär diýdi.

Rabiei Eýranyň sebitdäki ähli ýurtlary parahatçylyk şertnamalaryna çagyrandygyny belläp Eýranyň yzygiderli we hakyky suratda terrorçylyga, zorluga we ekstremizme garşy göreşendigini aýtdy.

Eýranyň döwletiniň metbugat sekretary, Eýranyň ýaraglarynyň hemişe territorial we sebitleýin parahatçylygyň we howpsuzlygyň daldasydygyny nygtady we Eýranyň ýaraglarynyň goranyş pudagynda möhüm elementleriň diňe biridigini aýtdy.

Rabiei, şeýle hem, ýarag sanksiýalaryň ýatyrylmagyny Eýran Yslam Respublikasynyň kanunylygyna we Eýran halkynyň çydamynyň netijesine esaslanýan üstünlik diýip häsiýetlendirdi.