Eýranda korona keseli bolan bäş müňden gowrak hassanyň kesgitlenmegi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 5000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 300-den gowrak adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili, ýurtda korona keseli bolan 5 müň 39 täze hassanyň kesgitlenendigini we soňky 24 sagadyň dowamynda 322 adamyň ölendigini habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglere görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen 5 müň 39 täze näsag tanalyp bu sandan 2 müň 254 adam keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 539,670-e ýetendigini mälim etmek bilen Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 322 sany Covid-19 hassasy öldi we we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 31,034-e ýetdi diýdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 434,676 näsag sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany hem 41 milliondan gowrak boldy.