Tahtarwançi: Üç ada Eýranly we baky Eýranly bolup galjakdyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9090-tahtarwançi_Üç_ada_eýranly_we_baky_eýranly_bolup_galjakdyr
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Eýranyň sebitdäki parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmäge gatnaşmagyny nygtady we "Bumousi, Uly Tunb we Kiçi Tunb" üç adasynyň Eýranlydygyny we baky Eýranda galjakdygyny aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 21, 2020 13:27 Asia/Ashgabat
  • Tahtarwançi: Üç ada Eýranly we baky Eýranly bolup galjakdyr

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Eýranyň sebitdäki parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmäge gatnaşmagyny nygtady we "Bumousi, Uly Tunb we Kiçi Tunb" üç adasynyň Eýranlydygyny we baky Eýranda galjakdygyny aýtdy.

Majid Tahtarwançi sişenbe güni BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň wirtual ýygnagynda sebitdäki birnäçe ýurduň Eýrany aýyplaýandyklaryna jogap edip "Eýran Yslam Respublikasy, Pars aýlagy sebitinde energiýa howpsuzlygyny, söwdany we durnuklylygy üpjün etmekde inkär edip bolmajak roly oýnadygyny" aýtmak bilen bu ýiti sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmäge kömek etýändigini nygtady.

"Tahtarwançi" sebitdäki ýurtlary düşünişmezlikleri gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy we sebitdäki ýurtlaryň ilkinji we iň möhüm meselesiniň, ýurtlaryň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk we Has gowy we has ygtybarly sebit döretmek üçin deň şertlerde ýokary arkalaşyklaryň bolmalydygyny aýtdy.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Eýranyň raketa goranyş maksatnamasyna hem yşarat edip "Eýranyň raketa programmasy ýaly goranyş talaplary geostrategiki hasaplamalara we ep-esli taryhy tejribä esaslanýar" diýdi.