Eýranda 438 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 312 adamyň ölendigini yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawy barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 keseli 5 müň 616 täze hassa Eýranda anyklandy, şolardan iki müň 340 adam keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassahanalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi diýdi.
Lari, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň jemi sanynyň 545,286-e ýetendigini mälim etdi we şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 312 sany Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 31 müň 346 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 438,709 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany hem 41 milliondan geçdi.
Amerikada korona uçranlaryň sany 8,5 milliondan gowrak adama ýetdi şolardan azyndan 226,000 adam öldi.