Garabag uruşynyň taraplary tarapyndan Eýranyň demirgazyk-günbataryna 70-den gowrak raketa uruldy
Eýranyň Gündogar Azerbaýjanyň häkiminiň syýasy we howpsuzlyk boýunça orunbasary, Nagorno-Garabag söweşine gatnaşan taraplardan atylan 71 raketanyň Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky serhetýaka Hodaafarin şäherine degendigini habar berdi.
Gündogar Azerbaýjanyň häkiminiň syýasy we howpsuzlyk boýunça orunbasary "Aliýar Rastgoo" çarşenbe güni: " raketalar Hodaafarin şäheriniň birnäçe obasyna baryp degdi. Bagtymyza, şu wagta çenli ýitgi ýa-da maliýe ýitgisi bolmady" -diýdi.
Rastgoo, Nagorno-Garabag uruşynyň başyndan bäri şu güne çenli jemi 68 raketanyň Eýranyň serhetýaka sebitlerine degendigini mälim etdi we: "Diňe şu gün Hodaafarin şäherine 71 raketa degdi" -diýdi.
Gündogar Azerbaýjanyň häkiminiň syýasy we howpsuzlyk boýunça orunbasary: "Eýranyň serhet güýçleri tarapyndan kanuny çäreler görüldi we Nagorno-Garabag söweşine gatnaşýan taraplara şeýle hadysalaryň öňüni almak üçin çynlakaý duýduryş berildi" -diýdi.