Galibaf: Yslamyň duşmanlarynyň hileleri öz ýakalaryny tutar
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, fransuz ýolbaşçylarynyň Yslam pygamberine (saw) bihormatçylyk etmeklerini ýazgardy we Yslamyň duşmanlarynyň hileleriniň öz ýakalaryny tutjakdygyny aýtdy.
"Muhammet Bager Galibaf" duşenbe güni Eýranyň Yslam şura mejlisiniň açyk mejlisinde fransuz ýolbaşçylarynyň Muhammet alaýhyssalama nadanlyk ýüzünden eden bihormatçylyklary bütin dünýä musulmanlaryň ýüregine agyr salandyr diýdi.
Galibaf sözüniň dowamynda özlerine garşy sähelçe sözlere-de çydam etmeýän fransuz liderleriniň indi adamzadyň, hoşniýetliligiň, parahatçylygyň we sazlaşygyň ysyny görmeýändiklerini görkezip, Yslam we ähli asmanlyk dinleri bilen duşmançylygyna bolan ýigrenjini we hormatsyzlygyny tomaşa goýdylar diýip nygtady.
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Yslam pygamberiniň (saw) yşygynyň we Taňrynyň sargydynyň bu netijesiz we adama garşy kör hereketleri bilen öçüp bilmejekdigini aýtdy.