Bageri Kani: Adam hukuklary habarçysynyň hasabatynyň kanuny esaslary ýokdyr
BMG-nyň Adam hukuklary boýunça hasabatçysynyň Eýrandaky adam hukuklary ýagdaýy baradaky täze hasabatyna reaksiýa bildirip, Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary merkeziniň Baş sekretary hasabatyň kanuny esaslarynyň ýokdugyny aýtdy.
Eýranyň kazyýet ulgamynyň adam hukuklary ştabynyň sekretary we halkara orunbasary "Ali Bageri Kani" duşenbe güni agşam Eýrannyň birinji teleýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde BMG Baş Assambleýasynyň syýasy ornunyň bardygyny aýtmak bilen ýörite hasabatçy, syýasy pozisiýasyna eýe bolan ýurtlaryň saýlanan wekili bolup durýar. Şoňa laýyklykda bu hasabatyň syýasylaşdyrylmagy agdyklyk edýär we çarçuwasy syýasy çemeleşmelere esaslanýar diýdi.
Bageri Kani, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça hasabatçysynyň Eýrandaky adam hukuklary ýagdaýy baradaky täze hasabatynyň esasan Eýran Yslam Respublikasyna garşy hökümetleri we terrorçylyk toparlary bilen baglanyşykly toparlar tarapyndan bildirilýän aýyplamalara, toslamalara we maglumatlara esaslanýandygyny we munuň ýörite hasabatçynyň hasabatynyň esasyny düzýändigini aýtdy.
Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary merkeziniň sekretary şeýle hem adam mertebesini goramagyň we dürli ugurlarda adamlaryň hukuklarynyň ýerine ýetirilmeginiň bu Kazyýetiň täze döwrüne çemeleşmeleriň we aýratyn garaýyşlaryň biridigini aýtdy.