Zarif: Eýran Yslam Respublikasy üçin sebitde terrorçylaryň bolmagy kabul ederli däldir
Eýranyň Daşary işler ministri sebitde terrorçylaryň bolmagyny Eýran Yslam Respublikasy üçin çekip jydarly däldigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif sişenbe güni beren gürrüňlerinde sebitde terrorçylaryň bardygyna alada bildirip, "Sebitde terroristleriň bolmagy Eýran Yslam Respublikasy üçin çydarly däldir" -diýdi.
Zarif: "Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bitewiligine hormat goýmak we çaknyşyklary parahatçylykly we üýtgemeýän halkara serhetleri arkaly çözmek Eýran Yslam Respublikasynyň işjeň diplomatiýasynyň ýörelgeleridir" -diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri: Yslam respublikasy şu gün we ertir hödürlenjek, soňra bolsa Moskwa we Ýerewanda yzarlanjak Nagorno-Garabag konfliktini hemişelik çözmek üçin meýilnama düzdi diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Nagorno-Garabag konfliktiniň parahatçylykly çözülmegini nygtamak bilen, Eýran sebitde dowamly parahatçylygy isleýär diýdi.
Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Seýid Abbas Aragçi sişenbe güni Azerbaýjana, Türkiýe, Ermenistan we Russiýa boljak saparyna yşarat edip, Eýran Nagorno-Garabag çaknyşygynda ses berýän ýurtlar bilen maslahatlaşar diýdi.
Aragçi sebitdäki ýurtlara boljak saparyň Kawkaz sebitindäki dartgynlygy we seweşi gowşatmak we sebitde dowamly parahatçylyga tarap mümkinçilik döretmegine umyt bildirdi.