Yslam agzybirligi boýunça 34-nji halkara konferensiýasy başlandy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9179-yslam_agzybirligi_boýunça_34_nji_halkara_konferensiýasy_başlandy
Yslam agzybirligi boýunça 34-nji halkara konferensiýa, yslam dünýäsiniň 167 görnükli şahsyýetiniň gatnaşmagy bilen wirtual suratda başlandy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 29, 2020 14:13 Asia/Ashgabat
  • Yslam agzybirligi boýunça 34-nji halkara konferensiýasy başlandy

Yslam agzybirligi boýunça 34-nji halkara konferensiýa, yslam dünýäsiniň 167 görnükli şahsyýetiniň gatnaşmagy bilen wirtual suratda başlandy.

IRNA-nyň penşenbe güni beren habaryna görä, yslam dünýäsinden 47 ýurtdan 167-den gowrak tanymal şahsyýet, şeýle hem 120 içerki gürleýjisi konferensiýa temalarynda webinar berer.

Yslam dinleriniň ýakynlaşmagy boýunça Bütindünýä mejlisiniň Baş sekretary: "Agzybirlik hepdeligi musulmanlar üçin parahatçylygy we dostlugy, we doganlygy ýene bir gezek nygtamak üçin bir pursat" -diýdi.

Yslam dinleriniň ýakynlaşmagy boýunça Bütindünýä mejlisiniň baş sekretary Hamid Şahriari, Yslam agzybirligi boýunça 34-nji konferensiýanyň açylyş dabarasynda yslam dünýäsiniň çalt we çylşyrymly üýtgeşmelere sezewar bolýandygyna yşarat edip  bu günki gün her zamandan beterräk yslam dünýäsine birleşik gerekdir we yslam ymmatynyň agzybirliginiň taktika däl-de eýsem has dogrusy, Mukaddes Gurhanyň biziň üçin görkeziji hökmünde kesgitlän strategiýasydyr.