Yslam agzybirligi boýunça 34-nji halkara konferensiýasy başlandy
Yslam agzybirligi boýunça 34-nji halkara konferensiýa, yslam dünýäsiniň 167 görnükli şahsyýetiniň gatnaşmagy bilen wirtual suratda başlandy.
IRNA-nyň penşenbe güni beren habaryna görä, yslam dünýäsinden 47 ýurtdan 167-den gowrak tanymal şahsyýet, şeýle hem 120 içerki gürleýjisi konferensiýa temalarynda webinar berer.
Yslam dinleriniň ýakynlaşmagy boýunça Bütindünýä mejlisiniň Baş sekretary: "Agzybirlik hepdeligi musulmanlar üçin parahatçylygy we dostlugy, we doganlygy ýene bir gezek nygtamak üçin bir pursat" -diýdi.
Yslam dinleriniň ýakynlaşmagy boýunça Bütindünýä mejlisiniň baş sekretary Hamid Şahriari, Yslam agzybirligi boýunça 34-nji konferensiýanyň açylyş dabarasynda yslam dünýäsiniň çalt we çylşyrymly üýtgeşmelere sezewar bolýandygyna yşarat edip bu günki gün her zamandan beterräk yslam dünýäsine birleşik gerekdir we yslam ymmatynyň agzybirliginiň taktika däl-de eýsem has dogrusy, Mukaddes Gurhanyň biziň üçin görkeziji hökmünde kesgitlän strategiýasydyr.