Sardar Dehghan: "Makron" Fransiýada bolup geçen wakalaryň esasy günäkäridir
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Fransiýada bolup geçen wakalarda Fransiýanyň prezidentini günäkärledi.
Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Goranmak meseleleri boýunça ýokary lideriniň geňeşçisi brigada generaly Huseýin Dehgan anna güni fransuz dilinde twit ýazyp, şu günki Fransiýada bolup geçen wakalarda esasy günäkäriň prezident Emmanuel Makrondygyny belläp: "Hiç bir musulman Pikiriňi aňlatmak üçin zorlukly usullary ulanmaýar diýdi.
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň Goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi şeýle-de sözüniň dowamynda Terrorçylykly hereket diňe bir raýatlary öldürmek bilen çäklenmän, eýsem rehimdar Yslam pygamberini hem kemsitmegide öz içine alýar, şoňa görä Makron derrew ötünç soramaly, sebäbi erkinlikde goşa standart ýokdyr diýdi.
Fransiýanyň "Charlie Hebdo" gazetiniň soňky günlerde Yslam pygamberi (saw) hakda kemsidiji Karikaturalary ýene bir gezek çap etmeginden soň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron diplomatiýanyň kadasyndan we demokratiýa ýörelgelerinden daşda beýanatda Fransiýada Yslam pygambere (saw) garşy kemsidiji Karikaturalary çap etmegi dowam eder diýip nygtady.
Bu kemsidiji hereket Yslam dünýäsinde giňden ýazgaryldy we bu gahar-gazabyň we Fransiýanyň prezidentiniň sözlerine bolan ýigrenjiň ýaýramagynyň netijelerinden biri, musulman ýurtlarynda fransuz harytlaryny gadagan etmek kampaniýasynyň başlamagydyr.