Aragçi Nagorno-Garabag çaknyşygyny çözmek üçin maslahatlaryny Ermenistanda dowam etdirdi
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Ermenistanyň premýer-ministri duşuşyp, Tähranyň Nagorno-Garabag çaknyşygyny çözmek baradaky teklip eden parahatçylyk meýilnamasy barada maslahatlaşdylar.
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary we Eýran Yslam Respublikasynyň Nagorno-Garabag dawasyny çözmek üçin ýörite wekili Seýed Abbas Aragçi, ermeni resmileri bilen geçiriýän maslahatlaşmalarynyň dowamynda anna güni bu ýurduň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşyp Eýranyň teklip eden parahatçylyk meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy.
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjan Respublikasy we Russiýa resmileri bilen duşuşandan we maslahatlaşandan soň penşenbe güni gije Ermenistanyň paýtagty Ýerewana geldi.
Aragçi, Eýranyň dawany çözmek baradaky meýilnamasyny tanyşdyrmak üçin Ermenistandan ozal Azerbaýjana we Russiýa gitdi we sebitleýin saparynyň çäginde Ankara gitmegi meýilleşdirýär.
Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary mundan ozal Ermenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy.
Ermeni Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki durnuklylygy saklamakda we parahatçylygy ornaşdyrmakdaky roluny garşy aldy.