Eýranda koronawirusdan 386 adam öldi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 7000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 386 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawy barada beren gürrüňlerinde Kesgitli anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda Covid-19 bilen kesellän 7,820 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2417-si keselhana ýerleşdirildi we galan hassalar ambulatoriýa hyzmatlary edildi diýdi.
Larri, Eýranda koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň 621,772-e ýetendigini sözüniň üstüne goşdy we soňky 24 sagadyň dowamynda 386 sany kowid hassasynyň ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 34,930-a ýetendigini aýtdy.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli Eýranda 481,864 korona näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde korona wirusy ýokaşanlaryň sany hem takmynan 46 million adamda ýetdi, şolardan bir million 195 müň adam öldi we 33 milliondan gowragy gutuldy.