Zarif: Eýran serhetleriniň golaýynda terrorçylaryň bolmagyna ýol bermeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9203-zarif_eýran_serhetleriniň_golaýynda_terrorçylaryň_bolmagyna_ýol_bermeýär
Eýranyň Daşary işler ministri Nagorno-Garabaguruşynda terrorçy toparlaryň geçirilmegi we barlygy barada duýduryş berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 01, 2020 08:55 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Eýran serhetleriniň golaýynda terrorçylaryň bolmagyna ýol bermeýär

Eýranyň Daşary işler ministri Nagorno-Garabaguruşynda terrorçy toparlaryň geçirilmegi we barlygy barada duýduryş berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýekşenbe güni tele-radio habar gullugyna beren interwýusynda terroristleriň, esasanam DAEŞ-iň galyndylarynyň Garabag sebtine geçirilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan howpsuzlyk we Eýranyň diplomatik enjamlarynyň geňeşmelerine yşarat edip Eýran, çaknyşyk wagtynda terroristleriň bardygyny anyk bilýär we Tehran munuň hiç kimiň bähbidine däldigini öňe sürýär diýdi.

Zarif soňky gepleşiklerinde Eýran Azerbaýjan, Ermenistan, Russiýa we Türkiýe resmilerine Nagorno-Garabagda terrorçy toparlaryň geçirilmegi we barlygy barada habar berendigini we Eýran Yslam Respublikasynyň beýle zada ýol bermejekdigini aýtdy.