Hatibzadeh: Eýran sebitde terrorçylaryň barlygy barada hiç kim bilen degişmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9209-hatibzadeh_eýran_sebitde_terrorçylaryň_barlygy_barada_hiç_kim_bilen_degişmeýär
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň demirgazyk serhedinde terrorçylaryň barlygy baradaky Tähranyň duýduryşyna salgylanyp: Yslam respublikasy bu meselede hiç kim bilen degişmeýär diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 02, 2020 12:29 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Eýran sebitde terrorçylaryň barlygy barada hiç kim bilen degişmeýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň demirgazyk serhedinde terrorçylaryň barlygy baradaky Tähranyň duýduryşyna salgylanyp: Yslam respublikasy bu meselede hiç kim bilen degişmeýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh duşenbe güni habarcylar bilen geciren wirtual hepdelik metbugat ýygnagynda Tähranyň sebitde terrorçylaryň bolmagyndan alada galýandygyny aýtmak bilen bu mesele diňe Bakuw bilen Ýerewana däl, eýsem beýleki paýtagtlarda-da yglan edildi diýdi.

Hatibzadeh şeýle-de Eýranyň Nagorno-Garabag krizisini çözmek meýilnamasy we Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistanyň oňa beren jogaby barada ýakyn hepdelerde parahatçylyga we dawany çözmek üçin ädim ädiljekdigine umyt bildirdi.

Amerikalylaryň, Eýranyň Russiýa we Hytaý bilen birlikde ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna goşulýandygyny öňe sürmegi baradaky soraga Hatibzadeh: "Taryh haýsy ýurduň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulandygyny we agdarlyşyk gurandygyny ýurtlaryň liderlerini üýtgedendigini we içaly güýçlerini beýleki ýurtlara iberendigini görkezendir"diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tähranyň ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna goşulmak islemeýändigini aýtmak bilen Amerikan halky saýlamaly.