Larijani: sebit ýurtlary howpsuzlyk we aňtaw çäreleri barada pikir alyşjakdyrlar
(last modified Tue, 26 Dec 2017 15:17:53 GMT )
Dec 26, 2017 20:17 Asia/Ashgabat
  • Larijani: sebit ýurtlary howpsuzlyk we aňtaw çäreleri barada pikir alyşjakdyrlar

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygy Ali Larijani sebit ýurtlaryň mejlis başlyklarynyň terrorizme garşy göreşmek ugurda howpsuzlyk we aňtaw çäreleri barada pikir alyşjakdyrlar diýdi.

öten agşam Ali Larijani terrorizme garşy göreşmek barada Yslamabatda geçirlen maslahatdan soňra Tehrana gaýdyp gelen wagty beren gürrüňlerinde sebitdäki dartgynlylyklaryň köpelmegine garamak bilen Orsýet, Hytaý, Türkiýe, Owganystan, Eýran we Pakistan döwletleri Yslamabat maslahatynda terrorizme garşy göreşmek ugurda birek-biregiň tejribelerinden haýyrlanmak barada karara gelendirler diýip nygtady.

Yslamabat maslahatyna gatnaşan 6 ýurt ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň geriminiň giňeldilmegi we ýoksullygy ýok etmek barada hem arkadaşlyklaryna badalga berjekdir diýip Larijani sözüne goşdy.