Eýranda koronadan ölenleriň sany 440-a ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 8000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 440 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “Covid-19” bilen kesellän 8,289 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 3,023-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalar lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 628,780-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 440 Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 35 müň 738 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, 491,247 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 47 milliona ýetdi, şolardan azyndan 1,207,000 öldi we 33,793,000-den gowrak adam sagaldy.