Ynkylabyň ýokary lideri: Eýranyň ABŞ-a garşy syýasaty şahsyýetleriň hereketi bilen üýtgemeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9227-ynkylabyň_ýokary_lideri_eýranyň_abŞ_a_garşy_syýasaty_şahsyýetleriň_hereketi_bilen_üýtgemeýär
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Amerikan artykmac isleglerine garşy durmak baradaky paýhasly syýasata salgylanyp, Yslam respublikasynyň hasaplanan syýasatynyň ABŞ-daky adamlaryň hereketi bilen üýtgemeýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 03, 2020 16:51 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary lideri: Eýranyň ABŞ-a garşy syýasaty şahsyýetleriň hereketi bilen üýtgemeýär

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Amerikan artykmac isleglerine garşy durmak baradaky paýhasly syýasata salgylanyp, Yslam respublikasynyň hasaplanan syýasatynyň ABŞ-daky adamlaryň hereketi bilen üýtgemeýändigini aýtdy.

Aýatolla Hameneýi şu gün (sişenbe) göni ýaýlymda we telewideniýede çykyş edip, Yslam pygamberiniň (saw) doglan gününi we Ymam Ja'far Sadegiň (AS) dünýä inmegini gutlap, Amerika režiminiň ýagdaýyny tomoşaly hasaplap Saýlawlara gatnaşjak häzirki prezident, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hazirki saýlawyň iň galp saýlawdygyny aýdýar we bäsdeşi Baýden hem,Trumpyň giň galplyk etmek isleýändigini aýtýar diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri bu ýagdaýy liberal demokratiýanyň ýigrenji ýüzüniň mysaly diýip atlandyryp ABŞ-da kimiň häkimiýete geljekdigine garamazdan, häzirki ýagdaý Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda raýat, syýasy we ahlak taýdan pese gaçýandygyny görkezýär we netijede şeýle syýasy ulgam çökýär diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneý, Amerikanyň Eýranyň yslam ulgamyna duşman bolmagynyň esasy sebäbiniň sütem syýasatlarynyň we olaryň agalygyny ykrar etmezligi babatlydygyny aýdyp Bu duşmançylyk dowam eder we ony çözmegiň ýeke-täk ýoly, beýleki tarapyň Eýranyň halkyna we hökümetine uly zarba urup biljekdigi baradaky pikirden tamasyny üzmegidir diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Ermenistan bilen Azerbaýjan respublikasynyň arasynda bolup geçen soňky söweş barada-da durup geçip, munuň ajy wakadygyny we sebit howpsuzlygyna howp salýandygyny aýdyp Bu harby çaknyşyk gysga wagtda gutarmaly; Elbetde, Ermenistan tarapyndan basylyp alnan Azerbaýjan respublikasynyň ähli ýerleri azat edilip, Azerbaýjana gaýtarylmalydyr diýip nygtap geçdiler.

Aýatolla Hameneýi bu ýurtlarda ermenileriň howpsuzlygyny we iki tarap tarapyndan halkara serhetlerini berjaý etmegiň zerurdygyny aýdyp Ygtybarly habarlara görä sebite giren terrorçylar asla Eýran serhedine ýakynlaşmaly däldirler we serhede ýakynlaşsa, hökman aýgytly çemeleşiler diýip yglan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri çykyşynyň başga bir bölüminde birleşik hepdesiniň ähmiýetini açyklamakda, yslam dünýäsiniň ajy wakalaryny alajy şol sanda ýemendäki 5 ýyllyk uruşyň we onuň gidişinde Saudylaryň ýemenlileri rehimsizlik bilen bombalamagynyň ýada Palestina meselesini äsgermezlik edip birnäçe ejiz döwletiň yslam ymmatyna bihormatçylyk etmeginiň alajy musulmanlaryň birleşmegindedir diýip nygtap geçdiler.