Azerbaýjan Respublikasy Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag baradaky aýdanlaryna gadyrdanlyk bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9228-azerbaýjan_respublikasy_yslam_rewolýusiýasynyň_ýolbaşçysynyň_nagorno_garabag_baradaky_aýdanlaryna_gadyrdanlyk_bildirdi
Eýranyň Bakudaky ilçisi twitter arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag dawasy baradaky sözlerine ýokary baha berendigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 03, 2020 16:58 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjan Respublikasy Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag baradaky aýdanlaryna gadyrdanlyk bildirdi

Eýranyň Bakudaky ilçisi twitter arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag dawasy baradaky sözlerine ýokary baha berendigini aýtdy.

Eýranyň Azerbaýjandaky ilçisi Seýid Abbas Musawi sişenbe güni twit ýazyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň şu gün Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabagdaky häzirki krizis bilen baglanyşykly eden çykyşyndan soň jaň edendigini habar berdi. Bu möhüm we adalatly sözler üçin hökümetiň we Azerbaýjan respublikasynyň minnetdarlygyny bildirdi we iki goňşy ýurduň dostlugyna we doganlygyna ünsi çekdi diýdi.