Eýranyň 12 toparynyň korona sanjymyny öndürmek synanyşyklary
Nov 03, 2020 20:24 Asia/Ashgabat
Eýranyň 12 toparynyň korona sanjymyny döretmek we öndürmek boýunça edýän tagallalary dowam edýär.
Eýranyň saglyk we lukmançylyk bilim ministriniň orunbasary Iraj Harirçi sişenbe güni beren gürrüňlerinde Eýranda 12 toparyň korona sanjymyny öndürmek ugurda synanyşýandyklaryna yşarat edip şolardan üç toparyň haýwanlary synamak tapgyryndan geçendigini habar berdi.
Harirçi, häzirki wagtda Eýranda her gün 25,000 korona synagynyň geçirilýändigini, we onuň günde 100 000 synagdan geçmegine garaşylýandygyny aýtdy.
Şu wagta çenli Eýranda 637,712 adama korona wirusy ýokaşdy, şolardan 36,160 adam öldi.
şeýle-de şu wagta çenli Eýranda 495,473 korona näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.