Eýranda koronadan ölenleriň sany 419-a ýetdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9232-eýranda_koronadan_ölenleriň_sany_419_a_ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 8000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 419 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 04, 2020 13:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronadan ölenleriň sany 419-a ýetdi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 8000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 419 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “Covid-19” bilen kesellän 8,452 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 2,852-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalar lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.

Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 646,164-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 419 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 36 müň 579 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, 500,400 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 48 milliona ýetdi, şolardan azyndan 1,221,000-si öldi we 34,403,000-den gowrak adam sagaldy.