Ruhani: Eýrana ABŞ-da bolup geçýän wakalaryň ähmiýeti ýok
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ABŞ-da geçirilýän saýlawlaryň köp tarapdan öwrediji bolýandygyny aýdyp, Tährana ABŞ-da nämeleriň bolup geçýändigi we kimiň prezident boljakdygy mňhüm däldir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde ABŞ-nyň kanunçylyga we ähli halkara we köptaraplaýyn şertnamalara dolanmalydygyny aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanksiýalaryň ýerine, hormat goýmagy haýbat atmagyň ýerine, abraýy we sylag etmegi şertnamany we kanuny bozmagyň ýerine, borçlaryny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutmalydyr diýdi.
Ruhani ABŞ-nyň hökümetinde kabul edilýän usulyň möhümdigine yşarat edip, eger amerikalylar düşünip, sapak alsalar, başga ýoly saýlamalydygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sebitdäki ýagdaýa we ýurduň demirgazyk we demirgazyk-günbatar serhetlerine yşarat edip we serhet howpsuzlygynyň, terrorçylaryň we terrorçy toparlaryň Eýran serhediniň golaýynda asla bolmaly däldikleriniň we geografiki serhetleriň üýtgemezliginiň Tähran üçin möhümdigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti soňky günlerde dünýäniň dürli künjeklerinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerine hem ünsi çekdi we ybadat ýerlerine, mekdeplere we uniwersitetlere edilýän hüjümleriň ýazgarylýandygyny aýtdy.
Ruhani, Yslam pygamberini kemsidýänleriň nädogry hereket edendiklerini, janyna kast edenleriň bolsa nädogry we adamkärçiliksiz hereket edendigini sözüniň üstüne goşdy.