Eýranda koronadan ölenleriň sany 424 adama ýetdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9251-eýranda_koronadan_ölenleriň_sany_424_adama_ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 8000-den gowrak täze hassanyň tanalyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 424 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 06, 2020 12:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronadan ölenleriň sany 424 adama ýetdi

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 8000-den gowrak täze hassanyň tanalyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 424 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “Covid-19” bilen kesellän 8,864 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 3,234-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalar lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.

Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 663,800-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 424 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 37 müň 409 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, 509,952 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 49 milliondan gecdi, şolardan azyndan 1,240,000-si öldi we takmynan 35,000,000 adam sagaldy.