Zarif, Boliwiýanyň saýlanan prezidenti bilen duşuşdy
Nov 08, 2020 08:46 Asia/Ashgabat
Boliwiýa sapar eden Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bu ýurduň saýlanan prezidenti bilen duşuşdy.
yekşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Boliwiýanyň saýlanan prezidenti Luis Arçe we onuň wise-prezidenti Deýwid Çokuuanca bilen duşuşyp, olary we Boliwiýanyň halkyny ýeňişleri bilen gutlady.
Zarif we Arçe syýasy we ykdysady gatnaşyklary we olary ösdürmegiň ýollaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Eýranyň Daşary işler ministri, Boliwiýanyň prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak üçin La Paz şäherine bardy.