Goňşulara çyn ýürekden habar; Geliň bilelikde has gowy geljegi guralyň
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9265-goňşulara_çyn_ýürekden_habar_geliň_bilelikde_has_gowy_geljegi_guralyň
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri goňşularyna tüýs ýürekden ýüzlenip, bilelikde has gowy geljege çagyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 09, 2020 10:21 Asia/Ashgabat
  • Goňşulara çyn ýürekden habar; Geliň bilelikde has gowy geljegi guralyň

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri goňşularyna tüýs ýürekden ýüzlenip, bilelikde has gowy geljege çagyrdy.

IRNA-nyň habaryna görä, "Muhammet Jawad Zarif" duşenbe güni irden twitter sahypasynda iňlis dilinde habar ýazyp, goňşy ýurtlara ýüzlenip: "Diňe bilelikde hemmeler üçin has gowy geljegi gurup bileris" -diýdi.

ABŞ-nyň prezident saýlawynda Joe Baýden-den ýeňilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň gitmegine 70 gün galdy, ýöne biz bu ýerde hemişelik galarys diýip Zarif matlabyna goşdy.

Sebitdäki jedelleriň gepleşikler arkaly çözülmegine ünsi çeken Zarif, sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin daşary ýurtlulara bil baglamagyň hiç wagt gowy oýun däldigini aýtdy.