Ruhani: Eýran Şanhaý agzalarynyň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilýär
Eýranyň prezidenti Tähranyň hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, ynam döretmek we goňşular bilen gürleşmek ýörelgesine yşarat edip Günbatar Aziýanyň ulag ýollaryndan biri hökmünde Eýran sebitdäki köp ýurtlaryň we Şanhaý guramasynyň agzalarynyň esasy zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan myhman alnan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 20-nji sammitindekowid-19 epidemiýasyna garşy göreşmek üçin bitewi çemeleşmegiň zerurdygyny aýtmak bilen Eýran, ŞHG-a agza ýurtlar bilen Covid-19-a garşy göreşde toplan tejribelerini paýlaşmaga taýyndyr diýdi.
Ruhani, dowamly howpsuzlyga diňe hyzmatdaşlyk we parahatçylyk arkaly ýetip boljakdygyny aýtmak bilen Eýran, hyzmatdaşlary we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen terrorçylyga, ekstremizme we neşe gaçakçylygyna garşy netijeli göreşmek üçin işini dowam etdirer diýip beýan etdi.
Şeýle hem Eýranyň prezidenti, Bakuw we Ýerewan häkimiýetleriniň harby çaknyşygy bes etmek we konflikti diplomatik çözmek prosesine başlamak baradaky soňky kararyndan kanagatlanma bildirmek bilen Eýran dartgynlygy we tapawutlary azaltmak we sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we dowamly we adalatly parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça edilýän tagallalary makullaýar diýdi.
Eýranyň prezidenti, şeýle hem, ABŞ-da geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň diňe bir dünýäniň däl, eýsem Amerikanyň halkynyň hem häzirki hökümetiniň ýalňyş syýasatlaryndan doýýandygyny görkezýändigini aýtmak bilen Indi ABŞ-da saýlanan wezipeli adamlar we täze ýolbaşçylar öz milletiniň sözlerine gowy düşünmek wagty gelendir diýdi.
Ruhani mundan başga-da Hazar deňziniň ýakasynda Raşt-Bandar Anzali demir ýolunyň tamamlanmagy bilen demirgazyk-günorta koridor demir ýolunyň hakykata öwrüljekdigini aýdyp öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda Khaf-Herat demir ýolunyň açylmagy Owganystana we Merkezi Aziýa ýurtlaryna açyk suwlara, Ýewropa, Eýranyň we sebitdäki beýleki ýurtlaryň bazarlaryna arzan bahadan girmek üçin gymmatly sowgat we kömek boljakdygyny nygtady.