Eýranda koronadan ölenleriň sany 453 adama ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 10000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 453 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “Covid-19” bilen kesellän 10 müň 339 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 3,088-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalar lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 703,288-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 453 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 39 müň 202 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, 530,694 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 51 milliondan geçdi, şolardan azyndan 1,270,000-si öldi we 36,000,000-den gowrak adam sagaldy.