Aragçi: Baýdeniň gelmegine Eýran begenenok
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9284-aragçi_baýdeniň_gelmegine_eýran_begenenok
ABŞ-nyň prezident saýlawlary barada aýdyp, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň Donald Trumpyň galmagyndan gorkýandygyny we Jo Baýdeniň gelmeginden hoşal däldigini aýtdy.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Nov 11, 2020 11:42 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Baýdeniň gelmegine Eýran begenenok

ABŞ-nyň prezident saýlawlary barada aýdyp, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň Donald Trumpyň galmagyndan gorkýandygyny we Jo Baýdeniň gelmeginden hoşal däldigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, "Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Seýid Abbas Aragçi" çarşenbe güni "Donald Trump"-yň galmagy we "Jo Baýdeniň" gelmegi Eýranyň syýasatyna hiç hili täsir etmeýändigini, Eýranyň öz bähbitlerine esaslanyp karar berýändigini we hereket edýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidentliginde bolup geçen wakalar barada durup geçen Aragçi, dünýäniň iň uly demokratiýasydygyny öňe sürýän bir ýurduň prezidentlige dalaşgärleriniň biri-birini kezzaplykda aýyplaýandyklaryny we galplyklary sebäpli tutuş saýlawy näsag diýip atlandyrýandygyny aýtdy.