Zarif Pakistanyň premýer-ministri bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9285-zarif_pakistanyň_premýer_ministri_bilen_duşuşdy
Eýranyň Daşary işler ministri Yslamabatda üçünji resmi duşuşygynda Pakistanyň premýer-ministri bilen duşuşdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 11, 2020 18:10 Asia/Ashgabat
  • Zarif Pakistanyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministri Yslamabatda üçünji resmi duşuşygynda Pakistanyň premýer-ministri bilen duşuşdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Pakistanyň premýer-ministri köşgünde bu ýurduň premýer-ministri Imran Han bilen duşuşyp, Eýran-Päkistan gatnaşyklaryny barada, ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, esasanam serhet alyş-çalyşlaryny güýçlendirmek ugurda gepleşik geçirdi.

Zarif we Imran Han şeýle-de Tähran-Yslamabat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebitdäki parahatçylyk we durnuklylyk üçin hyzmatdaşlygyň, Owganystanda howpsuzlygy ýola goýmak üçin ýakyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.

Iki tarap yslamy howp görkezmeklige garşy göreşmek, yslam dünýäsiniň meselelerini çözmek we olaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin bilelikdäki tagallalary etmäge çagyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Pakistana iki günlük sapary wagtynda goşun serkerdesi we bu ýurduň Daşary işler ministri bilen aýratyn duşuşdy.