Eýranda koronadan ölenleriň sany 457 adama ýetdi
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary, korona keseli bilen baglanyşykly 11000-den gowrak täze hassanyň tanalandygyny we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 457 adamyň ölendigini mälim etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawlary barada beren gürrüňlerinde Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglere göre, soňky 24 sagadyň dowamynda Eýranda “kovid-19” bilen kesellän 11 müň 517 täze näsag ýüze çykaryldy, şolardan 3,149-si keselhanada ýerleşdirildi we galan hassalara lukmançylyk hyzmatlary berildi diýdi.
Larri, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 726,585-e ýetendigini mälim etmek bilen şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 457 kovid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 40 müň 121 adama ýetdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 541,566 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.
Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany takmynan 53 milliona ýetdi, şolardan azyndan 1,290,000-si öldi we 36,745,000-den gowrak adam sagaldy.