Brigada generaly Hatami: Eýran Yragyň ýaragly güýçleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga taýyndyr
(last modified Sat, 14 Nov 2020 17:00:48 GMT )
Nov 14, 2020 22:00 Asia/Ashgabat
  • Brigada generaly Hatami: Eýran Yragyň ýaragly güýçleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga taýyndyr

Eýranyň Goranmak ministri: Eýran Yslam Respublikasy, yragyň goranyş güýjüni güýçlendirmek maksady bilen Yragyň ýaragly güýçleriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga taýyndyr diýdi.

Şenbe güni Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri Brigada generaly Amir Hatami Tähranda Yragyň Goranmak ministri Juma Anad Saadounyň duşuşygynda sebitiň ýurtlarynyň sebitde howpsuzlygy üpjün etmelidigini we dolandyrmalydygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy, Yragyň syýasy prosesine, durnuklylygyna, howpsuzlygyna we territorial bitewiligine goldaw bermegini dowam etdirýär we Yragyň durkuny täzelemäge we ösdürmäge gatnaşmaga taýýardyr.

Brigada generaly Hatami, Eýran bilen Yragyň sebitdäki terrorçylyga garşy göreşdäki hyzmatdaşlygy barada durup geçmek bilen  Sebitden daşary güýçleriň bolmagy we gatyşmagy Günbatar Aziýa sebitinde howpyň we durnuksyzlygyň faktorydyrlar diýip nygtady.

Şeýle hem Eýranyň Goranmak ministri, Yslam Rewolýusiýa sepah pasdaranyň şehit bolan Kuds Güýçleriniň serkerdesi general Gassem Soleýmanyň we Yragyň Halk Basijiniň serkerdebaşysynyň orunbasary Abu Mahdi Al-Mohandesiň sebit milletlerine we adamzada uly hukugynyň bardygyny mälim etmek bilen çydam söweşijileri we Eýran we Yrak halklary öz gahrymanlarynyň ganyndan geçmezler diýdi.

Yragyň Goranmak ministri hem, dosty, dogany we goňşusy hökmünde Eýranda bolandygyna kanagatlanma bildirmek bilen Yrak halky, Eýran Yslam Respublikasynyň DAEŞ toparyny kowmak we ýeňmek üçin beren maslahatyny we ýarag kömegini hiç wagt ýatdan çykarmaz diýdi.