Tähran, BMG-nyň Eýran halkynyň hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy meselesinde dymmagyny tankytlady
Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary, ABŞ we Günbatar hökümetleri tarapyndan Eýran halkynyň hukuklarynyň yzygiderli we gödek bozulmagy sebäpli BMG Baş sekretarynyň dymmagyny tankytlady.
Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary "Ali Bagheri Kani", duşenbe güni käbir ýurtlaryň BMG Baş Assambleýasynyň üçünji komitetinde Eýran Yslam Respublikasyna garşy adam hukuklary baradaky karary makullamak baradaky tagallalaryna yşarat edip bu rezolýusiýany esaslandyranlar, öz halkynyň, Eýranyň halkynyň we sebitdäki beýleki ýurtlaryň, şol sanda Palestina we Ýemeniň halkynyň hukuklaryny bozýan gara geçmişleri bardyr diýdi.
Bagheri Kani, Eýran halkyna garşy adam hukuklary çözgüdini esaslandyryjy Kanadanyň adam hukuklaryny yzygiderli bozýandygyny aýtmak bilen bu rezolýusiýanyň ýaranlary elleri müňlerçe Eýranlylaryň gany bilen boýalan ýa-da ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy bikanun we rehimsiz sanksiýalaryny amala aşyran terrorçylyk toparlaryny dürli tarapdan goldaýan ýurtlardyrlar diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň Kazyýetiniň Adam hukuklary işgärleriniň sekretary, bu kararyň esasy esasynyň BMG-nyň Baş sekretarynyň Eýrandaky adam hukuklary ýagdaýy baradaky hasabatydygyny belläp: Geçen ýyl Saud Arabystany tarapyndan 222 Ýemenli çaganyň öldürilmeginden soň, BMG-nyň Baş sekretary bu režimiň adyny adam öldürmek we adam hukuklary standartlaryna laýyk gelmeýän çagalary öldürýän döwletleriň sanawyndan aýyrdy diýdi.
Bagheri Kani şeýle-de BMG-nyň Baş sekretary Eýranda neşe gaçakçylarynyň jezasyny tankytlaýar, ýöne hasabatynda bolsa 4000 adamyň şehit bolandygyny we 12,000 Eýran esgeriniň ýaralanandygyny agzamady diýip beýan etdi.