Takht-e Rawançi: Howpsuzlyk Geňeşi kanunylyk we ygtybarlylyk krizisine duçar bolandyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Howpsuzlyk Geňeşiniň pes, passiw we käbir ýagdaýlarda bikanun we kanuny däl işler sebäpli kanunylyk we ygtybarlylyk krizisine duçar bolýandygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, "Majid Takt-e rawançi" BMG Baş Assambleýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň reformasy baradaky mejlisinde, geňeşiň häzirki gurluşyny tankytlap, Howpsuzlyk Geňeşi, agza ýurtlarnyň düzümindäki ösüp barýan ýurtlaryň gowşaklygy sebäpli demokratiýa ýol bermeýär diýdi.
Takht-e-Rawançi, Howpsuzlyk Geňeşiniň şu wagta çenli Günbatar ýurtlarynyň häkimiýeti astyndadygynyaýdyp, käbir hemişelik agzalar tarapyndan kemsidilendigini we hereketleri üçin jogapkärçiligiň ýokdygyny aýtdy.