Ruhani: Amerikanyň häzirki döwleti jenaýatçy we terrorçy döwletdir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Waşingtonyň soňky ýyllarda Tährana garşy alyp barýan käbir weýrançylykly hereketlerine we ykdysady terrorçylygyna yşarat edip häzirki ABŞ administrasiýasy jenaýatçy we terrorçy döwletdir diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde eden çykyşynda: "häzirki ABŞ administrasiýasy Eýran bilen ykdysady söweşe gireninden bäri Tähran ykdysady gabaw astyndady we Waşingtonyň ykdysady terrorçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy diýdi.
Ruhani, soňky ýyllarda Eýranyň zor aýtýan hökümet bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady pudakda Eýran halkyna basyş edip bilendigini, emma Eýranyň içerki howpsuzlygyny bozmak baradaky esasy maksadyna ýetip bilmmändigini aýtdy.
Eýranyň prezidenti ýurduň ykdysady we durmuş şertleri gowulaşýar we hökümet halkyň problemalaryny azaltmak üçin bu şertleri dowam etdirmäge synanyşar diýip beýan etdi.
Ýurduň gyzyl ýagdaýy bolan şäherleriň ýapylmagyna we berk çäklendirmelere ünsi çekip, Ruhani geljek dört aýyň dowamynda jemgyýetiň üçden birine eklenç bukjasynyň hödürlenjekdigini habar berdi.
Eýranyň prezidenti, korona kesellerine garşy göreşde jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň zerurdygyna yşarat edip geljek şenbe gününden başlap, korona garşy dinamiki çäklendirmeler girizmek baradaky giňişleýin meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, adatdan daşary ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda gyzyl şertli şäherler ýapylar we mämişi şäherler ýarym ýapyk bolar diýdi.