Sardar Dehgan: Eýran harby güýji barada hiç kim bilen gepleşik geçirmeýär
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň Goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi: Eýran Yslam Respublikasy hiç hili ýagdaýda harby güýji barada hiç kim bilen gepleşik geçirmez diýdi.
Yslam rewolýusiýasynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň goranmak boýunça geňeşçisi Sardar Hossein Dehgan, Günbatar metbugatynyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň Eýrana garşy harby çäre görmek kararyna gelendigi barada beren gürrüňlerinde çäkli we taktiki çaknyşygyň doly söweşe öwrülip biljekdigine yşarat edip şeksiz ABŞ, sebit we dünýä beýle uly krizise garşy durup bilmez diýip beýan etdi.
Sardar Dehgan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýran bilen gepleşikler üçin şert goýmagy isleýändigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy, harby güýji barada hiç hili ýagdaýda hiç kim bilen gepleşik geçirmez diýip nygtady.
Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň Goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Eýranyň ýadro desgalaryny gözden geçirmegi barada gürrüň gozgap, bu gözlegler Agentligiň derňewçileri "içaly" bolmasa, bu gözlegleriň dowam edip biljekdigini aýtdy.
Sardar Dehgan şeýle-de Yslam Respublikasynyň Yslam Rewolýusiýa Sepah Pasdaranynyň Kuds Güýçleriniň şehit bolan serkerdesi general gassem Soleýmanyň ganynyň aryny almak üçin Yslam Respublikasynyň ähli Amerikan güýçleriniň sebitden çykarylmagyny talap edýändigini aýtdy.