Basij duşmanlaryň hilelerini suwa dökmek üçin Yslam Ynkylabynyň uly daldasydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9380-basij_duşmanlaryň_hilelerini_suwa_dökmek_üçin_yslam_ynkylabynyň_uly_daldasydyr
Basij hepdesi bilen bir wagtyň özünde, Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň beýany duşmanlaryň dildüwşükleriniň öňüni almak üçin Basij Yslam Rewolýusiýasynyň ägirt baýlygy diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 23, 2020 14:05 Asia/Ashgabat
  • Basij duşmanlaryň hilelerini suwa dökmek üçin Yslam Ynkylabynyň uly daldasydyr

Basij hepdesi bilen bir wagtyň özünde, Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň beýany duşmanlaryň dildüwşükleriniň öňüni almak üçin Basij Yslam Rewolýusiýasynyň ägirt baýlygy diýip atlandyrdy.

IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni Eýranyň ýaragly Güýçleriniň Baş ştaty bir beýannama boýunça Ymam Homeýniniň(ra) buýrugy bilen Basijiniň döredilmeginiň ýyl dönümini hatyralap, Basiji Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň möhüm baýlygy diýip atlandyrmak bilen häzirki wagtda mobilizasiýa, dürli problemalaryň we kynçylyklaryň düwünlerini açyp, duşmanlaryň agyr,kyn dildüwşükleriniň we ýumşak söweşleriniň öňüni almak üçin Yslam Rewolýusiýasynyň uly daldasy hasaplady.

ýaragly Güýçleriň Baş ştabynyň beýanynda Eýranyň ynkylapçy we yslam jemgyýetiniň Basijiň medeniýeti we pikirlenişi üçin hemişe zerurlygyny suratlandyrmak bilen duýgur wakalarda we ýurduň we jemgyýetiň zerurlyklarynyň dürli sahnalarynda işjeň we täsirli huzurly bolmak,  taktikanyň we hronologiýanyň alamatydyr diýip nygtady.

Ymam Homeýni(ra) hezretleri 1979-njy ýylyň 26-njy noýabrynda (1358-njy ýylyň 5-njy Azärinde) Basij guramasyny döretmek barada karar çykardy.