Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Daşary ýurtlulara ynanyp bolmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i9393-yslam_rewolýusiýasynyň_ýokary_lideri_daşary_ýurtlulara_ynanyp_bolmaz
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Daşary ýurtlulara ynanyp bolmaz diýdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 24, 2020 16:43 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Daşary ýurtlulara ynanyp bolmaz

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri: Daşary ýurtlulara ynanyp bolmaz diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý sişenbe güni üç güýjüň ýolbaşçylary we ýokary Ykdysady Utgaşdyrmak Geňeşiniň beýleki agzalary bilen bolan duşuşygynda sanksiýalary ajy hakykat adynda ABŞ we Ýewropa hyzmatdaşlarynyň Eýran halkyna garşy eden jenaýaty hökmünde häsiýetlendirmek bilen Bu jenaýat Eýran halkyna garşy ençeme ýyl bäri amala aşyrylýar, ýöne soňky üç ýylda hasam güýçlendi diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi, sanksiýalary ýeňip geçmegiň we netijesiz etmegiň ýoluna yşarat edip Bu ýol başda kyn bolup biler, ýöne tagalla we döredijilik bilen we kynçylyklara döşüňi germek  bilen sanksiýalary ýeňip bolar, we beýleki tarap hem sanksiýalaryň netijesizdigini görüp, sanksiýalary ýuwaş-ýuwaşdan ýatyrar diýip açykladylar.

ol hezretleri hereket programmasy daşardan açylyşyň bolmazlygy esasynda düzülmelidir diýmek bilen Käbirleriniň umyt baglan adamlarynyň, içerki ýagdaýy asla aýdyň däl we sözlerine bil baglap we meýilleşdirip bolmaýar diýdiler.

Aýatolla Hameneýi hezretleri şeýle-de Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň soňky bolgusyz sözlerine yşarat edip Sebit işlerine özleriniň iň ýalňyş gatyşýandyklaryna garamazdan,olar, Eýrana sebite goşulmazlygy maslahat berýärler bu mesele şeýle bir ýagdaýdadyr welin Angliýa bilen Fransiýanyň weýran ediji ýadro raketalary bar we Germaniýa hem şol bir ýoldadygyna garamazdan , Eýran Yslam Respublikasynyň raketalary bolmaly däldir diýen bolýar diýip nygtadylar.